Hindi kompaniýalarynyň 30-dan gowragy Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen tanyşmaga isleg bildirýär

16:1512.06.2024
0
17178

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň edara binasynda agentligiň ýolbaşçylarynyň hem-de Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisiniň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada agentligiň resmi saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, 11-nji iýunda bolan duşuşykda taraplar deňiz ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagyny, şeýle hem, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň üsti bilen ýükleri üstaşyr geçirmegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Halkara deňiz portunyň ýükleri üstaşyr geçirmekde Demirgazyk-Günorta halkara ulag geçelgesinde möhüm orny eýeleýändigi bellenildi.

Agentligiň wekilleri hindi tarapyna porty dolandyrmakda tejribe alyşmagy babatda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi. Hindistanyň diplomaty hindi kompaniýasynyň 30-dan gowragynyň Türkmenistana gelip görmegi we Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri bilen tanyşmak isleýändiklerini belläp geçdi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar deňiz ulag pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini ylalaşdylar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň