Kyrk ýyl bäri Bolliwudda işläp gelýän «Pooja Entertainment» prodýuserlik kompaniýasy aktýor Akşaý Kumaryň şowsuz filmleri sebäpli batandygyny yglan etdi. Waşu Bhagnaniniň kompaniýasy çynlakaý maliýe kynçylyklaryna uçrap, özüniň bergidarlary bilen üzlüşmek üçin ýedi gatly kaşaň edara jaýyny satmaga, işgärleriniň sanyny azaltmaga mejbur boldy diýip, «Bollywoodtime.ru» ýazýar. Bhagnani eýýäm işgärleriniň 80 göterimini işden boşatdy we edarasyny iki otagly öýe geçirmäge mejbur boldy.
Ählisi kino ýyldyzy Akşaý Kumaryň baş keşpde çykyş eden «Klýoş» (Bell Bottom) filminden başlandy, 2021-nji ýylda prokata çykan film şowsuzlyga uçrady. Soňra prodýuser Akşaý Kumar bilen «Raniganj missiýasy» (Mission Raniganj) we Taýger Şroff bilen «Ganapath» (Ganapath) filmlerini goýberdi, emma ýene ýitgi çekdi.
Prodýuser öz maliýe kynçylyklaryna göz ýumup, ýene-de Akşaý Kumar we Taýger Şroff bilen bilelikde «Ýoldaşlar» (Bade Miyan Chote Miyan) atly ekşn-filme ummasyz maýa goýdy. Netijede, kompaniýa ýene-de ýitgi çekdi diýlip, habarda aýdylýar.
Kino muşdaklary bu şowsuzlyklarda Akşaý Kumary günäkärleýärler. Olaryň biri şeýle ýazýar: «Şu depginde Akşaý Mumbaýdaky ähli prodýuser öýlerini batyrar. Ol ummasyz hak alýar-da, bary-ýogy birnäçe hepdede filme surata düşüp tamamlaýar».
«Pooja Entertainment» şu güne çenli 40 töweregi film öndürdi, olaryň arasynda şowly filmler hem bar. Emma soňky 23 ýylda kompaniýa diňe ýitgi çekip gelýär.