Top.Mail.Ru

Birža söwdalarynda 15 million dollardan gowrak geleşik baglaşyldy

16:5901.07.2024
0
12150

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 16-sy hasaba alyndy. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Özbegistanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, nebit ýol bitumyny, binýatlyk ýagy, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Şeýle hem Türkiýäniň, Azerbaýjanyň telekeçilerine boýalan tüýjümek önümler we nah galyndylary ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 15 million 598 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýerli telekeçiler içerki bazar üçin jemi bahasy 77 million 81 müň manatdan gowrak bolan polipropileni we nebit ýol bitumyny («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny we pagta süýümini satyn aldylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň