Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan - Gonkong duşuşygynda hasap açylmady

13:5312.06.2024
0
15679

11-njy iýunda Dünýä çempionaty – 2026-nyň saýlama tapgyrynyň “E” toparçasynda çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Gonkongyň milli ýygyndylary jemleýji, altynjy tapgyryň çäginde duşuşdylar.

Paýtagtymyzdaky “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen bu duşuşyk 0:0 hasabynde deňlikde tamamlandy.

“E” toparçasynyň beýleki oýny bolan Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşykdada hasap açylmady (0:0).

Şeýlelikde, saýlama tapgyryň jemi boýunça 13 utukdan toplan Eýranyň hem-de Özbegistanyň milli ýygyndylary degişlilikde birinji, ikinji orunlary eýelediler. 2 utukdan toplan Türkmenistanyň hem-de Gonkongyň milli ýygyndylary bolsa üçünji, dördünji orunlarda ornaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň