Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Gurbanguly Berdimuhamedow: "Türkmenistan “Çalyk Holding” türk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalar boýunça degişli tekliplerine seretmäge taýýar"

08:5812.06.2024
0
7991

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy. Bu barada "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadaga tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan türkmen-türk gatnaşyklarynyň doganlyk häsiýetini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dürli ulgamlarda, şol sanda energetika, dokma senagaty, gurluşyk we beýleki pudaklary öz içine alýan iki ýurduň özara bähbitli hyzmatdaşlygy barada aýtdy. Bellenilişi ýaly, ýurtda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady maksatnamalar we amatly maýa goýum gurşawy bu hyzmatdaşlygy giňeltmäge mümkinçilik döredýär. Şunda dostlukly ýurduň iri kompaniýalaryna, aýratyn-da, “Çalyk Holding” kompaniýasyna möhüm orun degişlidir.

Duşuşygyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri doganlyk Türkiýäniň kompaniýalarynyň Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşine goşýan uly goşandyny belläp, “Çalyk Holding” kompaniýasy tarapyndan Hazar deňziniň türkmen kenarynda gurluşygy dowam edýän, kuwwaty 1574 megawatt bolan utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň türkmen elektrik energiýasyny Hazar deňziniň üsti bilen goňşy ýurtlara, şol sanda doganlyk Türkiýe Respublikasyna we beýleki ugurlara ibermäge mümkinçilik berjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň barşynda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy hem bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, türkmen halkynyň Milli Lideri türk kompaniýasynyň bilelikdäki taslamalar boýunça degişli tekliplerine Türkmenistanyň seretmäge taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, pursatdan peýdalanyp, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda “Çalyk Holding” kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk türk hyzmatdaşlaryň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge mundan beýläk-de jogapkärçilikli çemeleşjekdiklerine ynandyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň