Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Türkmen-Emirlikler işewürlik forumy geçiriler

15:0707.06.2024
1
10495

2024-nji ýylyň 24-25-nji iýunynda Aşgabatda Türkmen-Emirlikler işewürlik forumy geçiriler. Forumy geçirmek barada Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hamelini arasynda bolan duşuşykda ylalaşyk gazanyldy. Bu barada BAE-iň Türkmenistandaky ilçihanasy sosial ulgamdaky sahypasynda habar berdi.

Forum iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky işewür gatnaşyklary giňeltmek we söwda, maýa goýum, energetika, ulag, gurluşyk, oba hojalygy we syýahatçylyk ýaly dürli ugurlarda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm meýdança öwrüler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we BAE-niň döwlet edaralarynyň, kompaniýalarynyň we guramalarynyň wekilleri, şeýle hem daşary ýurtly maýadarlar foruma gatnaşmaga çagyrylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň