Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan Halkara atom energiýasy agentligi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürýär

10:3007.06.2024
0
7282

Türkmenistanda ylmy-önümçilik ugurlary anyk kesgitlenip, halkara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýär. Halkara guramalar, şol sanda Halkara atom energiýasy agentligi bilen hyzmatdaşlygyň çägindäki işler hem barha ilerleýär. Bu barada «Türkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edilen makalada bellenilýär.

Bellenilişi ýaly, sebitleýin taslamanyň çäginde suwdan rejeli peýdalanmak we suwy tygşytlamak boýunça Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň «Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri» ylmy-önümçilik merkeziniň bioenergetika we biomassany işlemek bölüminde energetiki maksatlar üçin mikrosuwotulary ösdürip ýetişdirmekde zeýkeş suwlaryny peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek boýunça halkara tejribäni özleşdirmekde Halkara atom energiýasy agentligi bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ugurlary kesgitlenildi.

Bu babatda Aşgabatda agentligiň wekilleri bilen ilkinji duşuşyk geçirilip, teklip edilýän taslama bilermenleriň gatnaşmaklarynda ara alnyp maslahatlaşyldy. 2023-nji ýylyň 12 — 14-nji dekabrynda Wena şäherinde agentligiň merkezi edara binasynda guralan sebitleýin okuw maslahatynda taslamany ýerine ýetirmekde halkara tejribäniň gazananlaryny ýerli şertlerde peýdalanmagyň meselelerine garaldy diýlip, makalada bellenilýär.

Ýakynda bolsa taslamanyň çäginde Horwatiýanyň Zagreb şäherinde ençeme döwletleriň bu ugurdan bilermenleriniň gatnaşmaklarynda okuw maslahaty geçirildi. Onda dünýä ýüzünde süýji suwuň azalma howpunyň öňüni almakda suwdan rejeli peýdalanmak we suwy tygşytlamak babatda öňdebaryjy halkara tejribäni özleşdirmek boýunça özara tejribe alşyldy. Maslahatda energetiki maksatlar üçin mikrosuwotulary ösdürip ýetişdirmekde zeýkeş suwlaryny peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmegiň bu günki gün wajyp meseleleriň hatarynda durýandygy bellenildi.

Bu işiň ýerine ýetirilmegi bilen, zeýkeş suwlarynda ösdürilip ýetişdirilen suwotularyň maldarçylykda peýdalanylmagy, zyýanly garyndylardan arassalanan suwlaryň suwarymly meýdanlarda gaýtadan ulanmak mümkinçiliginiň ýola goýulmagy bu ugurdaky ylmy-derňew işiniň dogrudygyny ýene bir ýola tassyklaýar. Munuň özi ýetişdirilen suwotulary energetiki maksatlar üçin peýdalanmagyň tehnologiýasyny işläp düzmek arkaly, daşky gurşawa zyňylýan zyýanly galyndylaryň täsirini azaltmaga gönükdirilmegem dünýä boýunça parnik gazlarynyň (CO2) täsirini peseltmek boýunça geçirilýän ekologiýa we daşky gurşawy goramak çäreleri bilen gönüden-göni baglydyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň