2024-nji ýylyň 3-nji iýunynda Gruziýanyň Milli welosiped federasiýasynyň ýardam bermeginde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy Bütindünýä welosiped gününe, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Tbilisi-Mtsheta-Tbilisi” ugry boýunça welosipedli ýörişini geçirdi. Bu ýöriş Tbilisiniň, şeýle hem Gruziýanyň gadymy paýtagty bolan Mtsheta şäheriniň merkezi köçelerini öz içine aldy.
Welosipedli ýöriş başlamazdan öň Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D. Seýitmämmedow şu ýyl döredijiliginiň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy bilen dünýä medeniýetiniň hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy bellenilip geçilýändigini aýtdy. 2024-nji ýylda Türkmenistanda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary hut onuň ady bilen baglanyşyklydyr. Bu möhüm sene bilen baglylykda Türkmenistanda we daşary ýurtlarda köp sanly çäreler geçirilýär. Ilçi, şu gün Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilýän çäre, bu ýubileý bilen hem baglanyşyklydygyny belläp geçdi.
Ilçi, Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2018-nji ýylyň aprel aýynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde döredilendigini, bu bolsa bedenterbiýe, sagaldyş we sport hereketini bu ugurdaky döwletleriň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyny ösdürmekde, jemgyýetde ekologiki medeniýetini kämilleşdirmekde dünýä bileleşigi tarapyndan Türkmenistanyň ornuna ýokary baha berilýändigine şaýatlyk edýär diýip aýratyn belledi.
Welosipedli ýörişe gatnaşyjylar Bütindünýä welosiped güni sagdynlyk, raýdaşlyk, dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylyk ýaly ählumumy adamzat gymmatlyklaryny özünde jemläp, sporty parahatçylygyň wekili hökmünde tanatmak, ýurtlaryň we halklaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny bellediler.
Çäräniň ahyrynda, Ilçihananyň adyndan welosipedli ýörişe gatnaşyjylara ýagygärlik sowgatlary gowşuryldy.