Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherindäki Çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine bardy we bu ýerde iş maslahatyny geçirip, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işleri bilen tanyşdy. Merkezde ýüzlerçe çaga bejergi alýar we saglygyny dikeldýär. Şeýle hem gaznanyň hasabyna mekdep okuwçylarynyň arasynda matematika ugry boýunça ders olimpiadasynyň geçirilendigi we çagalar atçylyk toparyny döretmek boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy habar berildi.
2. Şu gün, 31-nji maýda dünýäniň ilaty Bütindünýä temmäkisiz gününi belleýär. Bu gün dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän çäreleriň esasy maksady temmäkini sarp etmek bilen baglanyşykly saglyga abanýan howplara ünsi çekmegi we temmäkiniň ulanylmagy azaltmak boýunça netijeli syýasatlary durmuşa geçirmäge çagyrmakdan ybaratdyr. Şu ýyl bu sene «Çagalary temmäki senagatynyň täsirinden goramak» şygary bilen bellenilip geçilýär. Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça uly üstünlikler gazanyldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Hökümeti 2025-nji ýyla çenli temmäkisiz ýurt derejesini gazanmak maksady bilen, Aşgabat Jarnamasynyň taslamasynyň durmuşa geçirilmegine maliýe goldawyny berip, Ýewropa sebitinde temmäkä garşy göreşmekde iň uly donor boldy.
3. «Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat, Mary we Türkmenabat şäherlerinden Türkmenbaşy şäherine uçuşlaryň sanyny artdyrýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümleriniň başlanmagy bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçylaryň artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin, Mary — Türkmenbaşy — Mary, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça goşmaça gatnawlar ýola goýuldy. Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça hem ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy.
4. Türkmenistanda Aşgabadyň üç saýlaw okrugynda Mejlis deputatlarynyň ýakyn wagtda geçiriljek saýlawlaryna işjeň taýýarlyk görülýär. Saýlawlar 7-nji iýulda meýilleşdirilýär. Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan dalaşgärleri hödürlemek çäresi 8-nji maýda başlandy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasyndan, Senagatçylar we telekeçiler partiýasyndan, Agrar partiýadan, şeýle hem raýatlar toparlaryndan wekilleri hödürlemek boýunça mejlislerdir ýygnaklar geçirilýär. Dalaşgärleri hödürlemek 6-njy iýuna çenli, olary bellige almak bolsa 11-nji iýuna çenli dowam eder. Şondan soň dalaşgärler saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamalary boýunça telewideniýede çykyş edip, şeýle hem saýlawçylar bilen duşuşyp başlarlar.
5. Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyby Polat Baýramow Londonda geçirilen «iWISE-2024» atly Halkara bütindünýä talyp innowasiýalary sergisiniň çäklerindäki taslama bäsleşiginde altyn medal gazandy. Bäsleşik üç esasy ugurda geçirildi: sungat, zehin we STEM. Polat «Çagalara emeli aňyň kömegi bilen sanamagy öwretmek» atly taslamasy üçin altyn medala mynasyp boldy. Onuň tanyşdyryşy onlaýn görnüşde geçirildi, onuň ahyrynda talyp emin agzalarynyň ähli soraglaryna jogap berdi. Bäsleşigiň onlaýn tapgyrynda medal gazanan gatnaşyjylar Londonda olaryň göünden-göni gatnaşmagynda geçiriljek finala çagyrylýar.Dünýäde
6. Golliwudyň aktýorlary Anjelina Joliniň we Bred Pittiň uly gyzy Şaýlo Joli-Pitt 18 ýaşynyň dolan güni kakasynyň familiýasyndan ýüz öwürmek üçin resminamalar berdi. Insaýderleriň berýän maglumatlaryna görä, Şaýlo kararyny oýlanyp kabul etdi. Ol bu ädimi köpden bäri meýilleşdirýärdi we kämillik ýaşynyň dolan güni onuň üçin amatly pursata öwrüldi. Mundan öň Brodweý mýuziklleriniň birinde Şaýlonyň kiçi uýasy, 15 ýaşly Wiwýen eýýäm kakasynyň familiýasy bolmazdan diňe Joli hökmünde görkezilipdi.
7. Meşhur maýa goýujy we ýakynda kosmosda bolan syýahatçy amerikaly Larri Konnor gark bolan «Titanik» gämisine çümmegi meýilleşdirýär. Bu giň gerimli ekspedisiýanyň maksady diňe bir meşhur gämini öwrenmek däl, eýsem, şeýle suwasty syýahatyň howpsuzlygyny görkezmekdir. Munuň üçin Konnor 3,7 kilometrden gowrak çuňluga düşmäge ukyply iki orunlyk suwasty gämini ulanmagy meýilleşdirýär. Bu ekspedisiýanyň 2023-nji ýylda bolup geçen «Titan» batiskasynyň pajygaly heläkçiligine jogap boljakdygyny bellemek gerek.
Sport habarlary
8. Türkmenistanly agyr atletikaçylar Peruda geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda birbada 7 medal, şol sanda 3 altyn, 1 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar. Ýaryşa 50 döwletden 280 türgen gatnaşdy. Türkmen ýygyndysynyň ýyldyzy 102 kilograma çenli agram derejisinde çykyş eden Süleýman Japarow boldy. Ol ştangany silterläp götermekde we iki tapgyryň jemleri boýunça altyn medallary gazanyp, ähli bäsdeşlerinden öňe geçdi, şeýle hem itekläp götermekde bürünç medala mynasyp boldy.
9. Ulan-Ude şäherinde Söweş sambosynyň ligasy tarapyndan täzelenen düzgünlere laýyklykda Gran-pri ýaryşy geçirildi. Bu ýaryşda türkmenistanly türgen Suwhan Öwezgeldiýew 88 kilograma çenli agram derejesinde ýeňiji boldy. Halkara ýaryşa Russiýanyň, Mongoliýanyň, Täjigistanyň, Belarusyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar. Ýaryşyň ýeňijileri 100 müň rus rubly möçberindäki pul baýragy we çempionlyk kemeri bilen sylaglandylar.