Soňky habarlar

Arhiw

Işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si açylyp ulanmaga berildi

10:3327.05.2024
0
11939

Aşgabat şäheriniň gününde paýtagtda Hoja Ahmet Ýasawy köçesiniň ugrunda işewürlik maksatly binalaryň birbada 8-si açylyp ulanmaga berildi. Toý ruhuny has-da belende göteren bu waka mynasybetli geçirilen dabara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, il sylagly ýaşulular, eneler, başga-da köp sanly adamlar gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berdi.

Habarda bellenilişi ýaly, täze binalaryň gurluşygy ýurduň hususy gurluşyk kärhanalary tarapyndan ýerine ýetirildi.

Aşgabadyň kaşaň «Garagum» myhmanhanasyna golaý çäkde ýerleşýän desgalaryň birmeňzeş nusgadaky taslamalary bitewi binagärlik sazlaşygyny emele getirýär diýlip, habarda bellenilýär.

Täze desgalarda binagärligiň häzirki zaman gazananlary we däp bolan milli usullar sazlaşykly utgaşýar. Binalaryň agşamky görnüşi dürli yşyklandyryjylar bilen aýratyn gözel görnüşe eýe bolýar. Onuň ýanaşyk çäginde ýaşyl zolaklar hem döredilipdir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň