GDA-nyň Aşgabat sammitiniň netijeleri jemlenildi

12:4826.06.2024
0
5771
GDA-nyň Aşgabat sammitiniň netijeleri jemlenildi
Surat: e-cis.info

25-nji iýunda Minsk şäherinde GDA agza döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistan wekili hem gatnaşdy.

Duşuşykda hemişelik wekiller GDA-nyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň şu ýylyň 24-nji maýynda Aşgabat şäherinde geçirilen mejlisiniň netijelerini jemlediler we kabul edilen resminamalary we ylalaşyklary ýerine ýetirmek boýunça wezipeleri beýan etdiler.

Mundan başga-da, GDA agza döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň agzalary Hemişelik doly ygtyýarly wekilleriň Geňeşi baradaky Düzgünnamanyň täze redaksiýasynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de GDA agza döwletleriň hemişelik doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň agzalary 7-8-nji oktýabrda Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän GDA agza döwletleriň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisleriniň gün tertibi baradaky tekliplere garadylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň