Top.Mail.Ru

Iýul aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy bolar

09:0029.06.2024
0
7702
Iýul aýynda Hytaýda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasy bolar
Surat: medeniyet.gov.tm

Iýul aýynda Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmek meýilleşdirilýär. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu barada 28-nji iýunda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer M.Mämmedowanyň indiki aýda geçiriljek esasy çäreleriň Tertibi hakyndaky hasabatynda aýdyldy.

Hasabatda bellenilişi ýaly, iýul aýynda dürli maslahatlary, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat çärelerini, sergileri we aýdym-sazly dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda medeni-köpçülikleýin çäreleri, döredijilik we zehin bäsleşiklerini, şeýle hem sport ýaryşlaryny geçirmek göz öňünde tutulýar. Geljek aýda ýurduň kitaphanalarynda çagalar edebiýatlarynyň tanyşdyrylyş dabaralary, çagalaryň arasynda çeper okaýyşlar we beýleki çäreler geçiriler.

Mundan başga-da, amaly-haşam, keşdeçilik, senetçilik sungatynyň dürli görnüşlerini, zenanlaryň el işlerini wagyz etmek maksady bilen, «Milli mirasymyz dowamat-dowam» atly çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!», «Ýaňlan, Diýarym!» we «Gülüň owadan» atly bäsleşikleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurtda köp sanly medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilýändigini, beýik ösüşleri beýan edýän birnäçe dabaraly çäreleriň guralýandygyny belläp, wise-premýere şu ýylyň iýul aýyndaky çäreleri hem ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň