Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

08:0127.06.2024
0
9997

25-nji iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow degişli Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly baýramyny has-da dabaralandyrmak, nusgawy şahyryň baý edebi mirasyny giňden wagyz etmek, öwrenmek we dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işleri wasp etmekde, Magtymguly Pyragynyň watansöýüjiligi, agzybirligi, ynsanperwerligi, dost-doganlygy ündeýän pähim-paýhasly goşgularyndan ylhamlanyp, kämil edebiýat we sungat eserlerini döretmekde görkezen aýratyn hyzmatlary nazara alnyp, şeýle hem medeni-köpçülikleýin çärelerde, baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli çykyş edendikleri, türkmen medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny ösdürmäge goşant goşandyklary üçin, ýurduň döredijilik bilen meşgullanýan şu ýaşlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijileri diýlip yglan edildi hem-de olaryň her biri Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry we pul baýragy bilen sylaglandy:

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Halkara habarlar merkeziniň baş redaktory Tahyr Begençowiç Hojaýew;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynyň «Watan» radioýaýlymynyň ylham bölüminiň gepleşikleri gurnaýjy we taýýarlaýjysy Dürli Sazakowna Küräýewa;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Türkmen owazy» teleradioýaýlymynyň çagalar we ýetginjekler bölüminiň müdiri Ýakupguly Ylýasgulyýewiç Sähetmyradow;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň «Sport» teleýaýlymynyň habarlar bölüminiň jogapkär kätibi Annadurdy Serdarowiç Täşliýew;

Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň filmiň edebi esasyny düzýän bölüminiň esasy hünärmeni Rahymberdi Annagulyýewiç Annagulyýew;

Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Metbugat merkeziniň çapdan öňinçä işleri ýerine ýetirýän sehiniň operatory Gurbanaly Öwezmerdanowiç Saparow;

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň 47837 harby bölüminiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Toýly Muhammetdurdyýew;

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň işgärler bölüminiň uly gözegçisi Şirin Bäşimowna Hojalekowa;

Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň 1-nji derejeli drama artisti Artyk Çaryýarowiç Artykow;

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nury Kadyrmyradowiç Sakçyýew;

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň himiýa tehnologiýasy we ekologiýa fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dawud Döwranowiç Döwranow;

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň rus dili we edebiýaty fakultetiniň mugallymy Maksat Kurbandurdyýewiç Bugraýew;

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Gurbansähet Rustemowiç Gurbansähedow;

Türkmen döwlet maliýe institutynyň daşary ýurt dilleri kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Aýnabat Nurgylyjowna Myradowa;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Güljahan Annadurdyýewna Eýeberdiýewa;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Nursoltan Nazmuhammedowna Derýaýewa;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň teatr sungaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Balkan Kakageldiýewiç Babaýew;

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Tawus Maksadowna Şamyradowa;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Aýhan Azat ogly Kulyýew;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň binagärlik we dizaýn fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Guwanç Bäşimowiç Muhtarow;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Durdymuhammet Amangeldiýewiç Pirowow;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Annasoltan Hoja gyzy Hojaýewa;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň şekillendiriş sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Pawel Anatolýewiç Anahowski;

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň amaly-haşam sungaty fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Jelaletdin Döwletmyradowiç Bekgiýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby Jumageldi Baýmuhammet ogly Alyýew;

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kompozisiýa, saz öwreniş we fortepiano fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Nurmuhammet Azadowiç Jomartow;

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň Garaýap geňeşliginiň Garaýap oba medeniýet öýüniň akkompaniatory Şamyrat Kakamyradowiç Artykow;

Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy Didar Tirkeşewiç Kowusow.

26-njy iýunda Aşgabatda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Dabaranyň ahyrynda ýurduň sungat ussatlarynyň konserti hem boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň