Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Özbek kinoçylary Magtymguly hakda film düşürmek üçin Türkmenistana geldi

16:2926.06.2024
0
18174

Şu günler Özbegistanyň kinematograflary Türkmenistanda Magtymguly baradaky filmi surata düşürýärler. Şu maksat bilen režissýor Muzafarhan Erkinowyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik topary Türkmenistanda iş saparynda bolýar.

HHM-niň habar bermegine görä, filmiň surata düşürilişini Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi bilen Özbegistanyň kinematografiýasynyň Milli ösüş merkezi bilelikde alyp barýarlar. Surata düşürilişe türkmen we özbek aktýorlary gatnaşýar. Filmiň baş gahrymany Magtymgulynyň keşbi türkmen aktýory Ahmet Amandurdyýewe ynanyldy.

Habarda bellenilişi ýaly, 29-njy iýuna çenli filmiň surata düşürilişi Türkmenistanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň ajaýyp ýerlerinde we Guryhowdan diýen sebitde alnyp barlar. Soňra kinematograflar filmiň esasy böleklerini öz ýurtlarynyň — Özbegistanyň Buhara we Hywa şäherlerinde dowam etdirerler.

Filmiň edebi esasyny ýazmak Örä Daşgynowa we Rahymberdi Annagulyýewe ynanyldy. Filmde Türkmenistanyň halk artisti Çary Berdiýew (Azadynyň keşbinde), Döwlet Berdiýew, Muhammetguly Kasymow, şeýle-de Orazgeldi Durdyýew ýaly zahinli aktýorlar dürli keşpleri janlandyrýarlar diýlip, habarda bellenilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň