Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

30 ýurt BRIKS guramasyna girmek üçin arza berdi

15:4826.06.2024
0
8404
30 ýurt BRIKS guramasyna girmek üçin arza berdi
Surat: mir24.tv

BRIKS guramasyna agza bolmak üçin 30-dan gowrak ýurt arza berdi. Bu barada Russiýanyň Prezidentiniň kömekçisi Ýuriý Uşakow habar berdi diýip, TASS ýazýar.

«BRIKS-iň işine ol ýa-da beýleki görnüşlerde goşulmak isleýän ýurtlaryň sany yzygiderli artýar. Olaryň arasynda golaýda arza beren Tailand we Malaýziýa hem bar. Şeýle arzalaryň sany eýýäm 30-dan agdy» diýip, ýolbaşçy gürrüň berdi.

Uşakow häzirki özgerýän dünýäde guramanyň ornunyň artýandygyny belledi. Ol şeýle-de BRIKS guramasynyň 22-24-nji oktýabrda Kazanda geçjek sammitiniň giňişleýin düzümde boljakdygyna umyt bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň