Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Millionerler Beýik Britaniýany köpçülikleýin terk edýärler

17:1526.06.2024
0
10655

«24KZ» habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, Britaniýany bu ýyl 9,5 müň millioner terk eder. Olar ýurtdan syýasy sarsgynlardyr ykdysady sebäpler zerarly göçýärler diýip, ýerli konsalting kompaniýalarynyň biri habar berýär. Ýagny ýokary salgytlar hem-de çagalary abraýly ýokary okuw mekdeplerde okatmagyň gymmatlygy ýagdaýa täsir edýär.

Hanna Uaýt, Londondaky Hökümet institutynyň ýerine ýetiriji direktory: - London Siti indi dünýäniň maliýe merkezi hasap edilmeýär. Bu Birleşen Patyşalykda parlament saýlawlarynyň öňüsyrasynda has-da ýitileşýär. Ol 4-nji iýulda geçer.

Pikirsoralyşygyň netijelerine laýyklykda, oppozisiýadaky Leýboristler partiýasyny goldaýanlaryň sany dolandyryjy konserwatorlaryňkydan 20 göterim köpdür. Leýboristler bolsa, baý adamlar üçin salgytlary artdyrmak ugrunda çykyş edýärler.

Breksitden soňra, ýagny Patyşalyk Ýewropa Bileleşiginden çykany bäri adamlar Beýik Britaniýa bilen ÝB-niň arasynda erkin hereket etmek mümkinçiliginden mahrum boldular. Söwda we maýa goýumlar üçin täze pasgelçilikler döredi. Indi baý adamlar Birleşen Arap Emirliklerini saýlaýarlar. 2024-nji ýylda BAE-de 6700 sany baý adamyň gelmegine garaşylýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň