Singapuryň kazinosynda uly utuş gazanan oýunçy howply ýürek tutmasyndan soňra özüne geldi

12:5026.06.2024
0
8692

Singapuryň kazinosynda uly möçberde pul utuşyny gazanan erkek kişi ýüreginden tutup, özünden gitdi. Ol öň aradan çykdy diýlip, habar berilse-de, halas boldy we häzir hassahanada diýip, «MIR 24» ýazýar.

Şahsyýeti gizlin saklanýan erkek kişi 4 million dollar utdy, şolbada ýykylyp, huşundan gitdi. Onuň daşyna adamlar üýşdüler, lukmanlar kömek berdiler. Deslapky maglumatlara görä, ol güýçli tolgunmadan ejir çekdi. Wideoýazgylarda onuň ýanyndaky zenanyň, aýaly bolsa gerek, gygyryp, kömege çagyrýandygy görünýär diýip, «The Daily Mail» neşiri ýazýar.

Bu kazino oýunçylarynyň arasynda ilkinji şeýle waka däl. Aprelde Las-Wegasdaky humar oýunlary öýleriniň birinde 48 ýaşly erkek kişi hem özünden gitdi. Oňa 20 minudyň dowamynda hiç hili kömek edilmänsoň, aradan çykdy diýlip, habarda bellenýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň