«Zenit» bassyr altynjy gezek Russiýanyň çempiony boldy

23:0626.05.2024
0
5462

«Zenit» RPL-iň 30-njy tapgyrynyň çäginde Sankt-Peterburgdaky «Gazprom Arenada» geçirilen duşuşykda «Rostowy» 2:1 hasabynda ýeňip, bassyr altynjy gezek Russiýanyň çempiony boldy. Bu barada championat.com habar berýär.

«Rostow» 54-nji minutda Ronaldonyň geçiren goly bilen öňe saýlanan hem bolsa, bu üstünligini gorap bilmedi. Gustawo Mantuan 65-nji minutda 11 metrlik jerime urgusyny dürs ýerine ýetirip, hasaby deňledi, çempionlyk goluny bolsa 85-nji minutda Artur geçirdi.

Şeýlelikde, piterliler taryhynda 10-njy gezek çempion boldular. Olar 1984-nji ýylda SSSR-iň hem çempiony bolupdylar.

Beýleki bir aýgytlaýjy duşuşykda «Krasnodar» «Dinamony» 1:0 hasabynda ýeňip, RPL-iň kümüş medalynyň eýesi boldy. «Dinamo» bolsa möwsümi bürünç medal bilen tamamlady.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň