Soňky habarlar

Arhiw

Köneürgençli telekeçi biogumus öndürmegi ýola goýmak hyzmatyny hödürleýär

17:3622.05.2024
0
1192

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda iş alyp barýan telekeçi Ýagşymyrat Altyýew biogumus tebigy organiki dökünlerini öndürmäge ýardam edýän gyzyl ýagyş gurçuklaryny köpeltmek bilen meşgullanyp, olardan oba hojalykda biogumus almak hyzmatyny ýetirýär. Telekeçi islendik mukdarda gurçuklar bilen üpjün edip, olary özbaşdak köpeltmek, gurçuklardan köp mukdarda biogumus almak, şeýle hem bu organiki dökünleri netijeli peýdalanmak ýaly işlerde maslahat beriş hyzmatlarynyň bitewi toplumyny hödürleýär.

Bu ýagyş gurçuklaryna oba hojalykçylaryň dilinde Kaliforniýa gyzyl gurçuklary diýilýär. Olar kadaly şertlerde saklanyp, dürli galyndylar bilen iýmitlendirilýär. Netijede bolsa, bu gurçuklar organiki serişdelerden ýokary hilli biogumus tebigy organiki dökünini öndürýärler. Biogumus bolsa oba hojalygy pudagynda birnäçe maksatlar bilen peýdalanylyp, hususan-da, ekin ýerlerinden önjeýli hem ýokary hilli hasyl almaga kömek edýär.

Kaliforniýa gurçuklaryny köpeltmek näme üçin gerek?

Bu gurçuklary Türkmenistanyň şertlerinde saklamak we köpeltmek örän amatlydyr. Olary idetmekde dürli hili usullardan peýdalanylýar. Onuň işläp çykarýan biogumus dökünleri ders bilen goşulyp, önümçilikde ulanylan ýagdaýynda ekinleriň hasylynyň ep-esli artmagyna, topragyň zyýansyzlanmagyna, ýeriň peýdaly maddalarynyň artmagyna, ýetişen hasylyň ýokary hilli hem-de saglyga peýdaly bolmagyna täsirini ýetirýär.

Telekeçi Ýagşymyrat Altyýewiň oba hojalykçylara hödürleýän gurçuklary şeýle biogumusy köp mukdarda almaga ýardam edip, ol gurçuklardan biogumus almagyň ähli tapgyrlaryny üstünlikli alyp barmakda ýardam bermek hyzmatlaryny hem kepillendirýär. Bu bolsa öz gezeginde her hojalyga özbaşdak biogumus öndürip, ony önümçiliginde peýdalanmaga, netijede bolsa ep-esli derejede bol hasyl almaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende bellesek, Kaliforniýa gurçuklary örän tiz köpelýär. Olary guşçulyk, balykçylyk ýaly pudaklarda gymmat bahaly proteiniň we aminokislotalaryň ýerine ulanyp bolýar.

Biogumusyň nähili peýdasy bar?

Biogumus — oba hojalyk ösümlikleriniň immunitetini güýçlendirmek bilen, olaryň sowuklyga, gurakçylyga we zyýan berijilere garşylyk görkezmek häsiýetlerini ýokarlandyrýar. Ol ösümlikleriň ýapraklaryny ulaldyp, fotosintez hadysasyny güýçlendirýär we suwuň sarp edilişini azaldýar. Şol sebäpden hem, topragyň çyglylygyny saklamak we suwarma zerurlygy 30% peselýär. Şeýle hem biogumus topragyň düzümini ösümlikler üçin gerekli bolan ähli witaminler, makro we mikroelementler bilen baýlaşdyrýar. Bu bolsa miweleriň tagamlaryny hem-de hasylyny ýokarlandyrmak bilen, saklanyş möhletini uzaldýar, güllemegini we hasyl wagtyny çaltlaşdyrýar.

Bulardan başga-da, biogumus ýapyk binalarda, ofislerde we ýyladyşhanalarda esasy dökün hökmünde ulanylyp bilner. Dökün tebigy bolany üçin hiç hili parnik gazyny çykarmaýar. Ol adam saglygyna we ekologiýa zyýansyzdyr.

«Kaliforniýa gurçuklaryny köpeldip, biogumusy özbaşdak öndürmek, bir tarapdan, döküniň çykdajylaryny azaldýan bolsa, beýleki bir tarapdan önümleriň hasyllylygyny ep-esli artdyrmak, topragyň hasyl berijiligini ýokarlandyrmak üçin örän netijelidir» diýip, telekeçi Ýagşymyrat Altyýew belleýär.

Habarlaşmak üçin:

• ýerleşýän salgysy: Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etraby
• telefon belgisi: +993 62367554;
• elektron poçtasynyň salgysy: altiyev1985@gmail.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň