21-njy maýda Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynda 5-nji tapgyryň duşuşyklary bilen birinji aýlawyň jemleri jemlenildi. Liganyň 5-nji, 6-njy hem-de 7-nji tapgyrlarynyň Balkan welaýatynda geçirilýändigini bellemek gerek diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty ýazýar.
Tapgyryň birinji duşuşygynda ýaryş tertibiniň öňbaşçysy “Senagatbank” topary “Köpetdag” bilen duşuşdy. Bu duşuşykda döreden mümkinçiliklerini ýerlikli peýdalanan “Senagatbank” garşydaşyndan 3:1 hasabynda üstün çykdy. Ýaryş tertibiniň ikinji topary “Deňizçi” TNGIZT toparyny 2:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etd. Tapgyryň ýene-de bir duşuşygynda “Migrasiýa” “Turandan” 6:1 hasabynda üstün çykdy.
Şeýlelikde, geçirilen duşuşyklardan soň 15 utuk toplan “Senagatbank” topary ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň birinji aýlawyny birinji orunda tamamlady. Ýaryş tertibinde ikinji, üçünji orunlary degişlilikde “Deňizçi” (12 utuk) hem-de “Köpetdag” (7 utuk) toparlary eýeleýärler.
Ýurdumyzyň Naýbaşy futzal ligasynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary 22-nji maýda geçiriler: “Turan” – “Deňizçi”, TNGIZT – “Köpetdag”, “Senagatbank” – “Migrasiýa”.
Bäşinji tapgyryň duşuşyklary:
“Migrasiýa” – “Turan” – 6:1
Gollar: 6, 18 Täçmämmet Dynnyýew, 12 Balkan Durdyýew, 14, 25 Ysmaýylmuhammet Öwekow, 37 Ezizmämmet Begmämmedow (“Migrasiýa”) – 28 Nurmyrat Baýramdurdyýew (“Turan”)
Duýduryş: 36 Abdylla Gurbannepesow (“Migrasiýa”)
Geçirilen ýeri: “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Awaza” sport toplumy
“Senagatbank” – “Köpetdag” – 3:1
Gollar: 11, 17 Rahatmyrat Nepesow, 26 Nepesgeldi Ataýew (“Senagatbank”) – 31 Mülkaman Annagulyýew (“Köpetdag”)
Duýduryşlar: 23 Röwşen Orazmuhammedow (“Senagatbank”) – 12 Gurbangeldi Sähedow, 16 Alleberdi Meredow (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Awaza” sport toplumy
TNGIZT – “Deňizçi” – 1:2
Gollar: 39 Çaryýar Gurbannyýazow (TNGIZT) – 22 Abdylla Nursähedow, 29 Kadyr Berenow (“Deňizçi”)
Duýduryş: 22 Kiril Çaryýew (“Deňizçi”)
Geçirilen ýeri: “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän “Awaza” sport toplumy
Ýaryş tablisasy:
T/b |
Toparlar |
O |
Ý |
D |
U |
T |
U |
1. |
«Senagatbank» |
5 |
5 |
0 |
0 |
15-6 |
15 |
2. |
«Deňizçi» |
5 |
4 |
0 |
1 |
26-8 |
12 |
3. |
«Köpetdag» |
5 |
2 |
1 |
2 |
13-12 |
7 |
4. |
«Migrasiýa» |
5 |
2 |
0 |
3 |
12-19 |
6 |
5. |
TNGIZT |
5 |
0 |
2 |
3 |
6-9 |
2 |
6. |
«Turan» |
5 |
0 |
1 |
4 |
7-25 |
1 |