Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BMG-niň we Türkmenistandaky ilçihanalarynyň wekilleri Ýaşlykdaky eko-fabrige baryp gördüler

12:4810.05.2024
0
13507

Ýakynda BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG ýurt toparynyň agzalary, şeýle hem diplomatik korpusyň wekilleri Ahal welaýatynyň Ýaşlyk şäherçesindäki häzirkizaman «NowaEco» kagyz fabrigine baryp gördüler. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.

Bu tanyşlyk BMG-niň 2023-nji ýylda başlanan hususy pudak bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek başlangyjynyň netijesinde amala aşyryldy. Şonda BMG bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi. Ätnama 2030-njy ýyldaky Durnukly ösüş meýilnamasyny we Durnukly ösüş maksatlaryny (SDG) durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlygy göz öňünde tutýar. Şeýle hem bu hyzmatdaşlygyň çäginde BMG-Hususy pudak hyzmatdaşlygy meýdançasy Ähtnamany durmuşa geçirmegiň amaly mehanizmi hökmünde üstünlikli işe girizildi.

«NowaEco» kärhanasynyň işgärleri myhmanlary kompaniýanyň wezipesi we innowasiýa iş prosesi bilen tanyşdyrdy. Kagyz önümçiliginde ulanylýan durnukly ösüş ýörelgelerine we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalara aýratyn üns berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň