Şu hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň ähli sebitlerinde ýagyş ýagar. Bu Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň Türkmenistanda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumatynda aýdylýar. «Türkmenistan» gazetinde çap edilen habarda şeýle bellenilýär:
Balkan welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +14... +19 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +28... +33 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +22... +27 gradus maýyl bolar.
Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 13 — 18 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 7 — 12 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +17... +22 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +21... +26 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ikinji ýarymynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +11... +16 gradusdan +16... +21 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +31... +36 gradus aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 8 — 13 metrden 11 — 16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10... +15 gradusdan +15... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +20... +25 gradusdan +27... +32 gradus aralygynda maýyl bolar.
Aşgabatda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ortasynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 10 — 12 metrden 13 — 15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +12... +14 gradusdan +18... +20 gradus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +24 gradusdan +32... +34 gradus aralygynda maýyl bolar.