Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda 2024-nji ýylyň 4 aýynda JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime deň boldy

06:4804.05.2024
0
13069

Ozal habar berşimiz ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň barşynda şu ýylyň geçen dört aýynda ýurduň ykdysadyýetiniň pudaklarynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine seredildi, şeýle-de beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Garaşsyz Türkmenistanda şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini görkezýändigini belledi. Şunda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň hasabat döwründe 6,3 göterime deň bolandygy barada aýdyldy.

Bu görkeziji senagat pudagynda 3,7, ulag we aragatnaşykda 7,2, hyzmatlar ulgamynda 8, söwda ulgamynda 8,2, gurluşykda 5,8, oba hojalyk pudagynda bolsa 5 göterime deň boldy.

Bellenilişi ýaly, ýurtda iri senagat we durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda täze şäherçeleriň, ýaşaýyş jaýlarynyň, dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy dowam edýär.

– "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy" ýylynyň maý aýynda ýurdumyzda köp sanly desgalaryň açylyş dabaralary, birnäçe halkara çäreler geçiriler – diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany şol çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň