Soňky habarlar

Arhiw

Hekem Audit: biznesiňiz üçin hemmetaraplaýyn we ygtybarly audit hyzmatlary

17:0803.05.2024
0
16647

«Hekem Audit» hususy kärhanasy şertnamalaýyn esasda guramalaryň we kompaniýalaryň maliýe we ykdysady işleriniň hökmany we başlangyç barlagy üçin öz hyzmatlaryny hödürleýär.

«Hekem Audit» bilen hyzmatdaşlygyň çäginde müşderiler maliýe we statistiki hasabaty taýýarlamak, buhgalteriýa, buhgalter hasabatynda maglumat tehnologiýasyny ornaşdyrmak, salgyt salmak we maliýe-ykdysady işiň beýleki meseleleri boýunça maslahatlary alyp bilýärler.

«Hekem Audit»-iň hünärmenleri kärhananyň maliýe ýagdaýyna giňişleýin baha bermäge, şeýle hem buhgalter hasabatynda ýalňyşlyklary ýüze çykarmaga we düzetmäge taýýardyr. Netijede, işiňiziň maliýe ýagdaýy, buhgalter hasabyňyzyň dogrulygyna ynam we kompaniýanyň geljegi üçin rahatlyk kepillendiriler.

Toplan tejribäňiz size:

― resmi salgyt barlaglaryny geçirmezden ozal maliýe hasabatynda kemçilikleri we näsazlyklary ýüze çykarmaga we ýok etmäge;
― kompaniýanyň hakyky maliýe ýagdaýyny kesgitlemäge;
― serişdeleriň syzdyrylmagyny we nädogry ulanylmagyny ýüze çykarmaga;
― aktiwleri dolandyrmagyň öndürijiligini ýokarlandyrmaga;
― salgyt töleglerini optimizirlemäge;
― hasabat işinde we resminamalarda ýalňyşlyklary kesgitlemäge ýardam berer.

Işleriň tamamlanmagyndan soň, «Hekem Audit» öz müşderilerine jikme-jik hasabat we resmi audit pikirini berýär.

«Hekem Audit» hususy kärhanasy mundan başga-da, ýüze çykarylan kemçilikleri aradan aýyrmak boýunça maslahatlary we zerur bolan halatynda işewürlik öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin hukuk kömegini berýär.

«Hekem Audit»-iň tejribeli hünärmenler topary hasapçylar we salgyt geňeşçileri bilen birlikde buhgalter hasabatyny dikeltmek, çärýeklik we ýyllyk maliýe hasabatlaryny tabşyrmak, kärhananyň üstünlikli işlemegi üçin müşderiniň içerki resminamalaryny we beýleki zerur buhgalter hyzmatlaryny ulgamlaşdyrmak işlerine kömek etmäge taýýardyr.

Bu işleriň ählisi üçin «Hekem Audit» hususy kärhanasynyň Aşgabatdaky edarasy bilen şertnama baglaşyp bilersiňiz. Edara 10 ýyl abadançylyk köçesiniň 98-nji jaýynda ýerleşýär.

Habarlaşmak üçin:

  • telefon belgileri: (+993 12) 47 81 15, (+993 12) 47 82 54;
  • web sahypasy: www.hekem.com.tm;
  • e-poçta salgysy: hekem.info@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň