«Asuda akym» HJ önümleri bilen siryag.com saýtyndan tanyşmaga çagyrýar

11:5617.06.2024
0
14583

Türkmenistanda çalgy ýaglaryny öndürýän «Asuda akym» hojalyk jemgyýeti indi kompaniýanyň önümleriniň ähli haryt görnüşleri bilen siryag.com web saýty arkaly tanşyp bolýandygyny habar berýär.

Web saýtda «Şir Ýag« önümleriniň giň sanawy, şol sanda şu önümler hödürlenýär:

• ýeňil we ýük awtoulaglary, şeýle hem ýörite tehnikalar üçin sintetiki hem-de ýarym sintetiki motor ýaglary;
• mehaniki we awtomatik geçirijiler üçin transmissiýa ýaglary;
• dürli hili enjamlar üçin senagat ýaglary.

Saýta girýänler her önümiň giňişleýin aýratynlyklary, artykmaçlyklary we ulanylyş gerimi bilen tanşyp bilerler.

«siryag.com web saýty müşderilerimiz üçin oňaýly gural bolar. Saýtda diňe bir «Şir Ýag» önümleri bilen tanşyp däl-de, eýsem kompaniýa we onuň işi barada ähli zerur maglumatlary alyp bilersiňiz» diýip, kompaniýanyň hünärmeni belleýär.

«Asuda akym» hojalyk jemgyýeti — türkmen bazaryny ýokary hilli çalgy ýaglary bilen üpjün edýän, depginli ösýän kompaniýadyr. Kompaniýanyň önümleri halkara hil standartlaryna laýyk gelýär we tutuş ýurt boýunça sarp edijileriň uly ynamyndan peýdalanýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň