«Hekem» we «Adyl Hekem»: ýaşaýyş jaý meselelerini çözmekde ygtybarly kömekçiler

14:4002.04.2024
0
16377

Indi 12 ýyl bäri «Hekem» we «Adyl Hekem» kompaniýalar topary gozgalmaýan emläkleriň ähli görnüşlerini satyn almak, satmak we kärendesine almak meseleleri boýunça müşderilerine üstünlikli kömek edýärler.

Işgärleriň ýokary hünär ussatlygy, geleşikleriň kanuny taýdan arassalygy we müşderileriň bähbitlerini goramak ýörelgeleri kompaniýanyň Türkmenistanyň bazarynda öňdebaryjy orny eýelemeginiň esasyny düzýär.

«Hekem» we «Adyl Hekem» kompaniýalar topary bilen şertnama baglaşmak bilen, şu hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz:

- öýleri, jaýlary, kottejleri, kaşaň jaýlary we ş.m. satyn almak hem-de satmak üçin resminamalaryň doly toplumy.

- kompaniýanyň gozgalmaýan emläk maglumatlar binýadyndaky ýokary hilli öýlerden başlap, arzan nusgalara çenli saýlamak mümkinçiligi, şeýle hem şäheriň daşynda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlarynyň ähli görnüşleri.

- gozgalmaýan emlägi satyn almak we satmak, sowgat bermek, miras galdyrmak, hususylaşdyrmak, hasaba almak we gaýtadan hasaba almak üçin resminamalary ýygnamakda goldaw.

- geleşigiň ähli basgançaklarynda aç-açanlygy üpjün edýän ýokary derejeli hukuk goldawy.

- ada geçirmek boýunça resminamalaryň we beýlekilerň tejribeli hünärmen tarapyndan bahalandyrylmagy.

- hukuk jedellerini çözmekde kömek.

«Biziň maksadymyz islendik çylşyrymlylykdaky ýaşaýyş jaý meselelerini çözmekde müşderilere toplumlaýyn goldaw bermekdir» diýip, kompaniýada belleýärler.

«Hekem» we «Adyl Hekem» kompaniýalarynda gozgalmaýan emläk işi üçin zerur şert bolan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň döwlet hasaba alyş synaglaryndan üstünlikli geçip, degişli şahadatnamalary alan rieltorlar işleýärler.

Aşgabatdaky «Hekem» we «Adyl Hekem» kärhanalaryndan maslahat almak hem-de şertnama baglaşmak üçin aşakdaky salgylara ýüz tutup bilersiňiz:

  • Andalyp (Mir) köç., «Söwda we işewurlik merkezi» binasy;
  • Görogly köç., 46, «Watan» kinoteatry;
  • Görogly köç., 73;
  • telefonlar: (+993 12) 47 17 69; (+993 64) 95 10 00, (+993 12) 92 04 83;
  • web-saýty: www.hekem.com.tm;
  • elektron poçta salgysy: hekem.info@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň