«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ÝGPJ «SMART GOLDAW» hyzmatyny ýola goýýar

16:4013.06.2024
0
29950

«Aşgabat şäher telefon ulgamy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Uly gaýa» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda abonentlere gozgalmaýan emlägiň howpsuzlygyny we gözegçiligini üpjün etmek üçin SMART GOLDAW atly täze hyzmaty hödürleýär. Ýörite programma üpjünçiligini we telekommunikasiýa torlaryny ulanmak bilen, bu hyzmat size smartfonyňyz ýa-da stasionar dolandyryjy arkaly birugsat hereketler, gapylaryň, derwezeleriň we penjireleriň açylandygy barada uzak aralykdan habarnamalary almaga mümkinçilik berýär.

«SMART GOLDAW» hyzmatynyň başlangyç esaslyk toplumyna gözegçilik ediji, hereket datçikleri, derwezeler, gapylar hem-de penjireler üçin magnit kontaktly datçikler girýär. Şeýle hem bulara goşmaça hökmünde suw akymy, gaz we ýangyn duýduryş datçiklerini birikdirip bolýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurtda sanly ykdysadyýetiň çalt depginde ösdürilmegi babatdaky öňdengörüjilikli syýasatynyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy netijesinde, ÝGPJ abonentlere hödürlenýän hyzmatlarynyň gerimini giňeldýär. «SMART GOLDAW» hyzmatynyň aýlyk tölegi 50 manada deňdir.

Döwrebap sanly çözgütler gozgalmaýan emlägiň howpsuzlygyny we gözegçiligini üpjün etmek, raýatlaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň