Lebapda şaşka boýunça welaýat birinjiligi geçirildi

14:4416.06.2024
0
10908

Türgenleşiklere başlanyna ýaňy iki ýyl bolan türkmenabatly türgen Rahman Karýagdyýew gysga wagtyň içinde öz ýaş derejesinde Lebap welaýatynyň çempiony bolmagy başardy. Türgeniň bu üstünligi ýakynda geçirilen welaýat birinjiliginde aýratyn nygtaldy.

Ýakynda Türkmenabat şäherindäki 13-nji sport mekdebinde 100 öýjükli şaşka boýunça 10, 14 we 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda welaýatymyzyň birinjiligi geçirildi. Oňa Türkmenabat şäherinden we etraplarymyzdan ýetginjek türgenleriň onlarçasy gatnaşdy.

Her bir duşuşygy çekeleşikli geçen ýaryşda 10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda türkmenabatly türgen Rahman Karýagdyýewe taý tapylmady. Welaýat merkezindäki 38-nji orta mekdebiň ikinji synpyny tamamlan Rahmanyň şaşka bilen meşgullanyp başlanyna ýaňy iki ýyl geçdi. Sport ussady Mahym Mätiýewanyň zehinli şägirdi kämillik ýollaryny çalt geçýändigini subut edip, sporta gadam goýmagynyň eýýäm ikinji ýylynda welaýatyň çempiony bolmagy başardy.

Şu ýaş derejesinde oglanlaryň arasynda geçirilen ýaryşda dänewli Ramazan Nowruzow hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykan bolsa, üçünji orny türkmenabatly Soltan Geldimyradow eýeledi.

10 ýaşa çenli gyzlaryň arasyndaky ýaryşda bolsa öňdäki orunlaryň ählisini türkmenabatly şaşkaçylar eýelediler. Aýnur Şirliýewanyň iň gowy netijäni görkezen ýaryşynda ikinji orna Hatyja Mahmudowa, üçünji orna bolsa Gunça Ýusubowa mynasyp boldy.

Ýaryşyň maglumatlary 14 ýaşa çenli ýetginjeklerde hem öňdäki orunlary welaýat merkeziniň we Dänew etrabynyň wekilleriniň paýlaşandygyny görkezýär. Şu ýaş derejesinde oglanlaryň arasynda öňdäki üç orny türkmenabatly Azym Myradow, dänewli Umyt Serdarow we türkmenabatly ýene bir türgen Kamyljan Zafarow dagylar eýeledi. Gyzlaryň arasynda geçirilen ýaryşda bolsa welaýat merkezinde türgenleşýän Şirin Kadyrowa, Şirin Ahmedowa we Selbi Hemraýewa birinji, ikinji hem-de üçünji orunlary paýlaşdylar.

Ozalyndan hem garaşylyşy ýaly, 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky ýaryş has çekeleşikli we gyzykly boldy. Her öýjük üçin müň bir pikir otarylan ýaryşyň netijesinde oglanlaryň arasynda iň ýokary netijäni Türkmenabat şäherinden Atamyrat Jumaýew görkezdi. Onuň bilen bile türgenleşýän Arslan Hallyýew bolsa hormat münberiniň ikinji basgançagyna çykdy. Bu ýaş derejesinde üçünji orun welaýat merkezinden Alyjan Rustamowa eýgertdi.

Gyzlaryň arasyndaky ýaryşda türkmenabatly türgen Maral Haýydowa hemmelerden rüstem geldi. Ikinji orny bolsa Dänew etrabyndan Gurbansoltan Saparowa eýeledi. Ýeňijileriň üçlügini welaýat merkezinden Gülnara Jumaýewa tamamlady.

Ýeňijilere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň