Top.Mail.Ru

«Soltan» restorany özbaşdak bezeg boýunça tortlara sargytlary kabul edýär

11:3714.06.2024
0
13909

«Soltan» restorany myhmanlaryna öz halaýan bezeglerine görä tort sargyt etmek mümkinçiligini hödürleýär. «Soltan»-yň tejribeli konditer hünärmenleri taýýarlamasy kyndygyna garamazdan, islendik sargytlary ýerine ýetirmäge taýýardyr.

«Biz siziň adaty pikirlerden başlap, iň çylşyrymly we özboluşly ideýalaryňyzy süýjülik tortlarynda durmuşa geçirip bileris. Biziň konditerlerimiz — özbaşdak isleglere laýyklykda tortlary taýýarlamakda uly tejribä eýe bolup, öz işiniň hakyky ussatlarydyr» diýip, «Soltan» restoranynyň wekili pikirini paýlaşýar.

«Soltan»-dan özbaşdak bezege görä tort sargyt etmek üçin restoran bilen şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: (+993 60) 20 50 02, (+993 12) 46 84 80, (+993 12) 46 84 81.

Restoranyň ýerleşýän salgysy: «Berkarar» söwda-dynç alyş merkezi, 3-nji gat, № K 1 dükany.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň