Russiýadaky türkmen ilçisi şol bir wagtda Sloweniýada hem diplomatik wezipäni ýerine ýetirer

09:3217.06.2024
0
11835

Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Esen Muhammedowiç Aýdogdyýew, şol bir wagtda, Türkmenistanyň Sloweniýa Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa şäheri) wezipesine bellenildi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow 16-njy iýunda degişli Permana gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň