Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary» dersi boýunça onlaýn bäsleşigini geçirýär

17:3201.05.2024
0
11180
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary» dersi boýunça onlaýn bäsleşigini geçirýär
Surat: atavatan-turkmenistan

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty tarapyndan 2024-nji ýylyň 11-nji maýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň kanunçylygynyň esaslary» dersi boýunça onlaýn bäsleşigini geçirýär.

Bäsleşik «Türkmenistanda durmuş-ynsanperwer ylymlaryny ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyny» amala aşyrmak, bilim ulgamynda innowasiýalary ornaşdyrmak, ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň Türkmenistanyň kanunçylygy baradaky bilimlerini berkitmek we milli kanunçylygy çuňňur öwrenmeklerini gazanmak hem-de zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşigiň Düzgünnamasyna laýyklykda ýurduň her ýokary okuw mekdebinden bäş sany talyp gatnaşyp biler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň