Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag ekerançylyk instituty tarapyndan üzümiň täze sortlary döredildi. Terligine iýmek üçin niýetlenilen täze sortly üzümler «Kärizek» hem-de «Diýar» diýlip atlandyrylýar.
Täze sortly üzümler yzygiderli geçirilen seçgi işleriniň netijesinde ýokary hasyllylygy, miwesiniň harytlyk hili boýunça aýratyn tapawutlanandygy hem-de kesellere we zyýankeşlere durnuklydygy hasaba alnyp saýlanyldy.
Olardan «Kärizek» sorty «Parahat» we «Jenjel» atly gara sortlary gibridleşdirmek usulynda çaknyşdyrylyp alyndy. 46 MJ seçgi belgili sortuň güli iki jynsly bolup, miwesi goýy gara reňkli. Bary-ýogy 2-3 dänesi bolan miwesi iýmäge juda ýakymly.
Üzümiň bu görnüşi gektar başyna 250 ― 300 sentnere çenli hasyl bermäge ukyplydyr. Ol awgust aýynyň ahyrynda, sentýabr aýynyň başynda doly bişip ýetişýär.
Üzümiň «Diýar» diýlip atlandyrylýan sorty hem «Parahat» we «Jenjel» gara sortlarynyň birleşmesinden emele gelýär. Terligine iýmäge niýetlenilen sortdan her ýylda 350 ― 400 sentner hasyl alyp bolar.