Braziliýada wolbachia bakteriýalary emeli ýokuşdyrylan çybynlary öndürýän kärhana gurlar diýip, «24KZ» habar berýär. Häkimiýetler şeýle etmek bilen, gyzzyrma keseliniň möwjemeginiň öňüni almak isleýärler. Alymlar ady tutulan bakteriýalaryň keseliň ýaýramagynyň öňüni almaga ukyplydygyny subut etdiler.
Şu ýyl ýurtda denge gyzzyrmasy bilen kesellänleriň sany 4 million adama golaýlady. Olaryň tas 2 müňe golaýy pida boldy.
Täze fabrik ýylda bäş milliarda golaý bakteriýa geçiriji çybynlary öndürer.
2015-nji ýylda wolhabiýa bakteriýaly çybynlar Rio-de-Žaneýronyň munisipalitetleriniň birinde köpçülikleýin öndürilipdi. Netijede, gyzzyrma bilen kesellilik 70 göterim kemeldi.