Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 26-sy hasaba alyndy. Bu barada TDH ýazýar.
Habarda bellenilişi ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Germaniýanyň, Maltanyň, Gruziýanyň telekeçileri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen nebit ýol bitumyny, gidro usulda arassalanan dizel ýangyjyny, ýangyç mazudyny, binýatlyk ýagy, şeýle hem «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Gyrgyzystanyň telekeçileri aşgarlanmadyk nah matany satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 65 million 358 müň amerikan dollaryna barabar boldy.
Ýurduň işewürleri bolsa içerki bazar üçin jemi bahasy 1 million 584 müň manada deň bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni) satyn aldylar.