Soňky habarlar

Arhiw

Italiýaly alymlar Platonyň mazaryny tapdylar

10:5924.04.2024
0
6408
Italiýaly alymlar Platonyň mazaryny tapdylar
Surat: mir24.tv

Italiýanyň Pizan uniwersitetiniň alymlary filosof Platonyň jaýlanan ýerini tapdylar, ol gadymy ýazgylarda salgy berlipdir diýip, «MIR 24» ýazýar.

Ýagny XVIII asyrda Gerkulanumdan tapylan papirus ýazgylary 1800 sany bölekden ybarat bolup, olar biziň eýýamymyzyň 79-njy ýylynda Wezuwiýa ýanardagy çoganda ýok edilen şäheriň ýaşaýyş binalarynyň birinden ele salyndy.

Birnäçe ýüzýyllyklaryň dowamynda papirus kagyzlardaky ýazgylary okamak başartmady, sebäbi olar güýçli ýanan ekeni. Emma häzirki zaman tehnologiýalarynyň kömegi bilen ýazgylary anyklamak başartdy.

Hünärmenler täze ylmy-barlaglaryň netijesinde filosof Platonyň Afinyda «Muzalaryň ybadathanasynyň» ýanyndaky bagda ýerleşýän Afiny akademiýasynda ýerlenendigini anykladylar. Ol hut Platonyň hormatyna atlandyrylan ekeni.

Platonyň akademiýasy biziň eýýamymyzdan öňki 380-nji ýyllarda esaslandyrylypdyr. Antik awtorlar filosofyň ölümini dürlüçe beýan edýärler. Siseron onuň hat stolunyň başynda otyrka, amanadyny tabşyrandygyny beýan etse, başga bir pikire görä, Platon 81 ýaşynda toý meýlisi wagtynda aradan çykypdyr diýip, «Arkeonews» neşiri ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň