Soňky habarlar

Arhiw

Stambuluň howa menzilleri geçen üç aýda 27,1 million adama hyzmat etdi

09:5624.04.2024
0
4736
 Stambuluň howa menzilleri geçen üç aýda 27,1 million adama hyzmat etdi
Surat: trend.az

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlary aralygynda Türkiýäniň Stambul şäheriniň howa menzilleri 27 104 054 ýolagça hyzmat etdi, bu geçen ýylyň degişli döwründäkiden 13 göterim köpdür diýip, «Trend» ýazýar.

Stambuluň howa menziliniň 17 671 971 sany ýolagçylarynyň 3 558 813-si içerki gatnawlardan, 14 113 158 sanysy halkara gatnawlardan peýdalandy.

Ýylyň birinji çärýeginde şäheriň ikinji uly Sabihan Gekçan howa menzili 9 432 083 adama hyzmat etdi. Olaryň 4 294 969-sy içerki we 1 704 039 sanysy halkara gatnawlary amala aşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň