«Romanyň» hüjümçisi Serdar Azmun Seria A-nyň 33-nji tapgyrynda «Bolonýanyň» derwezesinden gol geçirmegi başardy.
«Roma» 56-njy minutda eýranly türkmeniň geçiren goly bilen duşuşykda açylan hasaby ýygyrdy ― 1:2. Ýöne duşuşyk ««Bolonýanyň» 3:1 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Bu gol eýranly futbolçynyň italiýan toparynda iki aýdan soň geçiren ilkinji goly boldy. Eýranly türkmen mundan ozal iň soňky gezek 18-nji fewralda «Frosinoneniň» derwezesinden gol geçiripdi.
Serdar Azmunyň mart aýynyň üçünji ongünlüginde Eýranyň ýygyndysy bilen Türkmenistanyň ýygyndysyna garşy geçirilen duşuşyklara gatnaşandygyny ýatladýarys. Gynansak hem, Aşgabatda bolan duşuşykda eýranly türkmen şikes sebäpli meýdana çykyp bilmedi.
Muňa garamazdan, Azmun ýerli ýaşaýjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Ol bolsa köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine uzak wagtlyk arakesmeden soň ýene-de Aşgabada gelmekden örän şatdygyny aýtdy.