Aşgabatda halkara hokkeý ýaryşynda ýeňiji bolan "Galkan" toparyny sylaglamak dabarasy geçirildi

23:4621.04.2024
0
8051

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mejlisler zalynda 15 — 20-nji aprel aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerini we tälimçilerini sylaglamak dabarasy boldy. Çärä Içeri işler ministrliginiň, Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Hokkeý federasiýasynyň, Milli olimpiýa we paralimpiýa komitetleriniň, sport federasiýalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, türgenler, tälimçiler, talyplar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, ýaryşyň ilkinji gününde Türkmenistanyň sekiz gezek çempiony “Galkan” topary Bahreýniň hokkeý toparyndan mese-mälim artykmaçlyk bilen üstün çykmagy başardy. Final duşuşykda “Galkan” (Türkmenistan) we “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) toparlary oýna ýokary depginde başladylar. Türkmen hokkeý topary soňky minutlara çenli ussatlygyny görkezdi we garşydaşynyň hüjümlerine döz gelip, ony 4:2 hasabynda öz peýdasyna tamamlady. Şeýlelikde, Türkmenistanyň “Galkan” hokkeý topary ýaryşyň ýeňijisi boldy. “Adihis-Kazan” (RF-niň Tatarystan Respublikasy) kümüş, “Wolat” (Belarus) topary bolsa bürünç medala mynasyp boldy.

Sylaglamak dabarasyna ýygnananlar ilki Prezident Serdar Berdimuhamedowyň “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Soňra “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylyň 15 — 20-nji apreli aralygynda Aşgabatda geçirilen şaýbaly hokkeý boýunça halkara ýaryşda baýrakly orny eýelän “Galkan” hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany okaldy.

Dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda türgenlere diplomlar hem-de döwlet Baştutanynyň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýeňijileriň hormatyna Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy.

Bu ýerde çykyş edenler milli hokkeýiň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtap, şu gezekki iri ýaryşyň dünýäniň dürli döwletleriniň wekillerini bir ýere jemlän sport baýramçylygyna öwrülendigini bellediler.

Ýadygärlik surata düşülenden soňra, Içeri işler ministrliginiň döredijilik toparlarynyň, ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda konsert guraldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň