Putin we Aliýew 22-nji aprelde Moskwada gepleşikleri geçirer

09:1320.04.2024
0
8987
Putin we Aliýew 22-nji aprelde Moskwada gepleşikleri geçirer
Surat: vesti.ru

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 22-nji aprelde Moskwada Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewi kabul eder. Aliýew iş sapary bilen Russiýa barar. Bu barada Kremliň metbugat gullugyna salgylanýan «Vesti.ru» habar berýär.

Döwlet Baştutanlary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar, sebitdäki ýagdaý barada pikir alşarlar.

Şeýle hem Putin we Aliýew BAM-yň (Baýkal-Amur magistraly) gurluşygyna badalga berilmeginiň 50 ýyllygyna bagyşlanan çäräniň dowamynda gurluşygyň weteranlary bilen duşuşarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň