Soňky habarlar

Arhiw

Hünärmenler dünýä ykdysadyýetiniň çalt dikelýändigini belleýärler

10:1703.05.2024
0
8393

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy ählumumy jemi içerki önümiň (JIÖ) ösüşine bahalandyrmany artdyrdylar, netijede, ol bu ýyl öň garaşylan 2,9 göterimiň ýerine 3,1 göterime deň bolar diýlip çaklanýar. Bu barada guramanyň nutugyna salgylanýan «Praým» neşiri habar berdi.

Şeýle-de täze ykdysady nutukda 2025-nji ýylda ösüşiň öňki 3 göterimlik çaklamanyň ornuna 3,2 göterime ýetjekdigi bellenýär.

Bu barada nutugy tanyşdyran YHÖG-iň başlygy Matias Kormann nygtady.

Onuň sözlerine görä, munuň sebäbi ýurtlaryň energiýa sarsgynlaryna uýgunlaşmagy hem-de Hytaýyň bazarynyň koronawirus ýokanjy bilen baglylykdaky uzak dowam eden çäklendirmelerden soňra açylmagydyr.

Hünärmenler 2024-nji ýyl boýunça öňki bahalandyrmalary artdyrdylar, mysal üçin, ABŞ-da ( 2,1 göterimiň ýerine 2,6 göterim) we Hytaýda (4,7 göterimiň ýerine 4,9 göterim). 2025-nji ýylda bu ýurtlaryň ikisinde-de biraz ösüş gazanylar.

Emma gurama şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň köpüsinde hümmetsizlenmäniň ýokary bolmagynda galýandygyny duýdurdy.

Bu barada «Gazeta.ru» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň