Lebap welaýatynda şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýere gowaça ekilip, ondan bol pagta hasylyny almaklyk göz öňünde tutulýar. Şu maksat bilen, gündogar sebitiň ähli etraplarynda örän jogapkärli möwsüm – geljekki bol hasylyň ykbalyny kesgitleýän gowaça ekişi guramaçylykly dowam etdirilýär. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki döwre çenli welaýat boýunça jemi gowaça ekilmeli ýeriň 80 göterimine golaý ýerde ýokary hilli ekiş geçirilmegi we bu işiň ýokary depginde dowam etdirilmegi, lebaply hasyl ussatlarynyň bu möhüm çäräni ýakyn wagtlarda tamamlajakdyklaryna şaýatlyk edýär.
Ekiş möwsüminde «Monosem» kysymly sanly ulgam arkaly dolandyrylýan takyk ekijiler, şeýle hem ekijileriň kämil görnüşleriniň 400-e golaýy netijeli ulanylýar.
Welaýatda ekiş möwsümi üçin ýokary hilli gowaça çigidiniň ýeterlik mukdarda taýýar edilmegi, bu möhüm çäräni bökdençsiz dowam etmäge şert döredýär. Häzirki wagtda ekin meýdanlarynda gowaçanyň ýokary hasyl berýän, welaýatyň toprak-howa şertlerine laýyklyk gelýän «Ýolöten-39», «Ýolöten-7», «S-2606» görnüşleri ekilýär we olardan ýokary hasyla garaşylýar. Bulardan başga-da, Saýat etrabynda ýerleşýän ylmy-önümçilik synag merkezinde gowaçanyň «Ýolöten-50», «Ýolöten-53» we «Garaşsyzlyk» ýaly sortlarynyň synag üçin ekilmegi welaýatda synag-tejribe işleriniň hem giňden alnyp barylýandygyna şaýatlyk edýär.
Bu jogapkärli möwsümde welaýatyň Halaç, Saýat, Kerki, Dänew we Çärjew etraplarynyň oba hojalykçylary has-da tapawutlanýar diýlip, habarda bellenilýär.