Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen diplomaty Pakistanyň Premýer-ministr bilen duşuşdy

15:5918.04.2024
0
9651
Türkmen diplomaty Pakistanyň Premýer-ministr bilen duşuşdy
Surat: newscentralasia.net

2024-nji ýylyň 17-nji aprelinde Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow Premýer-ministr Muhammet Şehbaz Şerif bilen duşuşdy.

Premýer-ministr Şerif ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, esasan hem söwda, energiýa we sebit gatnaşyklary ugurlarynda möhümdigini aýtdy. Bu barada «nCa» ýazýar.

Premýer-ministr: «Esasan hem söwda, energiýa we aragatnaşyk ugurlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy güýçlendirmek zerur. Iki ýurduň arasynda ýokary derejeli alyş-çalyşlary giňeltmek zerurdyr» diýdi.

Duşuşykda sebitleýin başlangyçlaryň çäginde özara gatnaşyk meselesi hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilçi Premýer-ministri Türkmenistanyň ýolbaşçylarynyň adyndan gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady.

Ozal Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistanda wezipä täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ahsan Wagany kabul edendigini habar beripdik

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň