Soňky habarlar

Arhiw

«Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi guraldy

10:4918.04.2024
0
7415

Türkmenistanda her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň baýramy giň gerim bilen bellenilip geçilýär. Bedew baýramy mynasybetli Arkadag şäheriniň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Taryhdan taryply türkmen bedewi» atly sergi guraldy.

Sergide muzeý gaznasyndan guralan at esbaplary, şaý-sepleri, eýer, eýerlik, atkeçe, at ýapynça, serkeç, nallar, türkmen halylarydyr gadymy küýzeler, nakgaşçylyk eserleri, şeýle hem muzeý gaznasynda saklanýan beýleki milli gymmatlyklar görkezilýär.

Şonuň ýaly-da, orta asyrlara degişli keramika böleklerindäki atyň şekili, bürünçden ýasalan hem-de antik döwrüne degişli atlaryň we esgeriň şekili çekilen daş tapyndylar has-da täsirligi bilen tapawutlanýar.

At torbalar, at ýapynjalar, nagyşlanan nallaryň görnüşleri, serkejiň käsesi bilen sergilenmegi sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi. Mundan başga-da, täze şäheriň iň gözel ýerleriniň biri bolan Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Halkara atçylyk toplumyndaky gyzykly at çapyşyklaryndan alnan fotasuratlar, atçylyk obasynyň suratlary görkezilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň