Aşgabatda geçirilýän demir ýol boýunça halkara maslahata 20-den gowrak döwletiň wekilleri gatnaşýar

22:2215.04.2024
0
7351

Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi öz işine başlady.

“Ýyldyz” myhmanhanasynda geçirilýän wekilçilikli foruma DÝHG-a agza döwletleriň 20-den gowrak demir ýol we beýleki degişli edaralarynyň ýolbaşçydyr hünärmenleri gatnaşýarlar. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, halkara çärä türkmen wekiliýetiniň düzüminde degişli ulag agentlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Forumyň maksady döwletara derejede demir ýol ulagynyň işini utgaşdyrmakdan, halkara demir ýollaryň torunyň tehnologik bitewiligini üpjün etmekden, bu düzümleri ylalaşykly ösdürmekden ybaratdyr.

Aşgabat forumy “Türkmendemirýollary” agentliginiň Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllyk senesi bilen hem utgaşýar.

Mejlisiň gün tertibine guramanyň ýöriteleşdirilen komissiýalarynyň we hemişelik iş toparlarynyň 2023-nji ýylda alyp baran işleriniň jemlerine garamak, ýakyn ýyllar üçin Iş maksatnamsyny ara alyp maslahatlaşmak, guramany ösdürmegiň strategiýasynyň taslamasyny işläp taýýarlamagyň maksadalaýyklygyny öwrenmek, demir ýol we beýleki edaralaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak we okatmak meseleleri girizildi. Demir ýollary ulanmak arkaly üstaşyr-ulag geçelgelerini ösdürmegiň geljegi, sebitde ýük daşamalaryny artdyrmak boýunça pikir alyşmalar guraldy.

Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (DÝHG) agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň XXXVIII mejlisi 19-njy aprele çenli dowam eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň