Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy, Türkmenistanyň Prezidenti OSJD-niň ýolbaşçylarynyň maslahatynyň 38-nji mejlisine gatnaşyjylara gutlag iberdi, Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryşy başlaýar we beýleki habarlar
Türkmenistanda
1. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy tarapyndan alnyp barylýan işler hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Halk Maslahatynyň Başlygy Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda ilkinji gezek belleniljek baýramçylyga taýýarlyk görlüşi bilen gyzyklandy. Akademiýanyň rektory talyplary milli seýisçilik usullary boýunça taýýarlamak we olary amalyýetde ulanmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Saparyň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow täze doglan taýçanagy synlady we beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň uly dabaralar bilen bellenilýändigini nazara alyp, oňa Şahyr adyny dakdy, şeýle hem akademiýanyň mugallymlary üçin ýaşaýyş jaý meselesini çözmegi tabşyrdy.
2. Şu gün Aşgabatda Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň agza döwletleriniň demir ýol ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we jogapkär wekilleriniň maslahatynyň 38-nji mejlisi öz işine başlaýar. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bu halkara çärä gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Hususan-da, Gutlagda Türkmenistanyň üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki iri halkara guramalaryň meýdançalarynda hyzmatdaşlyk meselelerinde işjeň orny eýeleýändigi bellenilýär.
3. Aşgabatda Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi. Taraplar türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar hem-de halkara gün tertibiniň derwaýys meseleleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle hem sebit we ählumumy howpsuzlyk meselelerine garaldy.
Dünýäde
4. Russiýada 1-nji aprelden sürüjilik synaglaryndan geçmegiň düzgünleri üýtgeýär. Hökümetiň kabul eden Kararynda bellenişi ýaly, daşary ýurt sürüjilik şahadatnamalaryny çalyşmagyň düzgünleri has çylşyrymlaşar, zerur resminamalaryň sanawy giňeler we üç gezek şowsuz synanyşykdan soň täzeden synag tabşyrmak üçin alty aý garaşmaly bolar. Daşary ýurt sürüjilik şahadatnamasyny Russiýanyňky bilen çalyşmak isleýänler motosiklleri, ýeňil awtoulaglary, mopedleri, skuterleri we ýeňil kwadrosiklleri sürjek bolsalar nazary synagdan geçmeli bolarlar. Ýük awtoulaglarynyň we awtobuslaryň sürüjileri nazary hem-de amaly synaglardan geçmeli bolarlar.
5. 23 ýaşly çümüji-instruktor Wiktor Selmon akulany kimdir biriniň agşamlyk naharyna öwrülmek howpundan halas etdi. Suwa çümýän wagtynda akula görmegi arzuw edip ýören Wiktor hereket etmek kararyna geldi. Ol akuladan naharlar hödürleýän restorana gitdi we bary-ýogy 20 dollara janly akula satyn aldy. Onuň kimdir biriniň naharyna öwrülmegine rugsat bermegiň deregine, Wiktor derrew ony deňze alyp gitdi we Siam aýlagynyň açyk suwlaryna goýberdi, şeýdip ol akula täze durmuşy sowgat berdi.
Sport habarlary
6. Şu gün Aşgabatda badalga alýan hokkeý boýunça halkara ýaryşynyň duşuşyklary «Türkmenistan Sport» we «Ýaşlyk» teleýaýlymlarynda göni ýaýlyma berler. Ýatlatsak, ýaryşa Bahreýnden, Belarusdan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Omandan, Russiýadan, Türkmenistandan, Türkiýeden we Özbegistandan klub toparlary gatnaşarlar. Ýaryşyň ähli duşuşyklarynyň geçiriljek ýeri bolan Gyşky oýunlar sport toplumynda türgenler, myhmanlar we janköýerler üçin zerur şertler döredildi.
7. Türkmenistanyň Mary welaýatynyň atçylyk sport toplumynda ýazky at çapyşyk möwsüminiň açylyş dabarasy geçirildi. Çapyşyklara ýurduň ähli sebitlerine wekilçilik edýän 100-den gowrak 3 we ondan uly ýaşar ahalteke atlary gatnaşdy. Jemi dokuz çapyşyk boldy. Açylyş dabarasynyň maksatnamasy meşhur tans we folklor toparlarynyň, bagşylaryň hem-de estrada aýdymçylarynyň çykyşlaryny, şeýle hem türgenleriň görkezme çykyşlaryny we amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisini öz içine alýan baýramçylyk konsertinden ybarat boldy. Bäsleşigiň ahyrynda dokuz çapyşygyň ýeňijilerine baýraklar gowşuryldy.