Soňky habarlar

Arhiw

9-njy aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary – Turkmenportal

11:3611.04.2024
0
7345

Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelmegini dowam edýär, Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýäniň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi, Türkmenistan Hytaý bilen awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklady we beýleki habarlar

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mukaddes Oraza baýramy mynasybetli gutlaglar gelip gowuşdy. Hususan-da, döwlet Baştutanyny Azerbaýjanyň halkynyň adyndan Ilham Aliýew gutlady, şeýle hem BAE-niň Prezidenti Mohammed bin Zaýed AL Nahaýýan, Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow we beýlekiler mähirli arzuwlaryny iberdiler.

2. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda Halk Maslahatynyň Başlygy Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistan üçin iň ýakyn doganlyk döwletleriň biridigini hem-de häzirki wagtda dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi.

3. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda halkara awtomobil gatnawlary hakynda Ylalaşygy tassyklamak barada» Kanuna gol çekdi. Resminamanyň esasy maksady özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekden, ýurtlaryň arasynda ýolagçy we ýük daşamak hyzmatlaryny ösdürmekden ybaratdyr.

4. Özbegistanyň meşhur estrada dueti «Farhod we Şirin» beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň «Habar ber — şeýledir» atly goşgusyna döredilen täze aýdymy köpçülige tanyşdyrdylar. Magtymgulynyň goşgulary Merkezi Aziýanyň halklarynyň arasynda, şol sanda Özbegistanda-da meşhurdyr. Mundan ozal «Farhod we Şirin» dueti Türkmenistanda, hususan-da, Aşgabatda geçirilen Ýapyk binalardaky we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasynda, Özbegistanyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň çäginde we beýleki çärelerde uly üstünlik bilen çykyş edipdi.

5. A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Anna Orlowa GDA ýurtlaryndan «MGIMO-nyň Parlament modeli» bütinrussiýa taslamasynyň jemleýji açyk tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan ýeke-täk mekdep okuwçysy boldy. Bu ýyl bu çärä Russiýanyň dürli şäherlerinden we daşary ýurtlardan 1500 töweregi ýaşlar gatnaşdy. Taslama gatnaşyjylar durmuş-ykdysady, syýasy we hukuk meseleleri boýunça 13 sany ýöriteleşdirilen komitetde dört günläp işlediler. Olaryň işine MGIMO-nyň professor-mugallymlar toparynyň hünärmenleri, jemgyýetçilik we hökümet işgärleri gözegçilik etdiler.

6. Osakada geçiriljek «EKSPO – 2025» Bütindünýä sergisiniň çäklerinde Türkmenistanyň Milli güni 14-nji aprelde, has takygy, serginiň açylyşynyň ertesi güni geçiriler. «EKSPO – 2025» sergisine gatnaşyjy ýurtlaryň Milli günleriniň tertibi golaýda Ýaponiýanyň Sergiler assosisiýasy tarapyndan mälim edildi. Bu giň gerimli sergi ýarym ýyl dowam eder. Onuň çäginde yglan 101 ýurduň Milli güni geçiriler.

Dünýäde

7. Polýar tegeleginiň ýokarsynda ýerleşýän Wadsýo şäheriniň häkimi Ýewropa Komissiýasyna sebiti üçin bir günde 26 sagatlyk sagat zolagyny tassyklamagyny haýyş edip ýüz tutdy. Bu başlangyç ýerli özboluşlylygy berkitmeklige, maşgala bilen geçirilýän wagty köpeltmeklige we täze ýaşaýjylary çekmekliige gönükdirilendir. Sebit ÝB-ne ýazan hatynda Norwegiýanyň häkimiýetlerine 24 sagatlyk gije-gündiziň ýerine 26 sagatlyk gije-gündizi girizmegi tabşyrmagy haýyş edýär.

8. Eýýäm şu ýylyň aprel aýynda Awstraliýanyň Halkara neýromorf ulgamlary merkezi tarapyndan işlenip düzülen «Deep South» superkompýuteri işe giriziler. Adam beýnisinden 2000 esse kuwwatly bolan bu kompýuter sekuntda 228 trillion amal ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Adaty elektron ulgamlaryndan tapawutlylykda, diňe bir beýniniň däl, eýsem, tutuş adam bedeniniň işleýşine öýkünýär. Bu oňa ajaýyp netijeliligi gazanyp, maglumatlary saklamagy we gaýtadan işlemegi utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.

Sport habarlary

9. 9-10-njy aprel günleri UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň deslapky oýunlary geçirildi. Ispaniýanyň «Barselona» toparynyň futbolçylary Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparyndan 3:2 hasabynda üstün çykdylar. Ispaniýanyň «Atletikosy» öz meýdançasynda Germaniýanyň Dortmund şäheriniň «Borussiýa» toparyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Ondan bir gün ozal Angliýanyň «Mançester Sitisi» Ispaniýanyň «Realy» bilen3:3 hasabynda deňme-deň oýnady. Londonyň «Arsenaly» bilen Mýunheniň «Bawariýasynyň» arasyndaky duşuşyk bolsa 2:2 hasabynda tamamlandy. Çempionlar ligasynyň çärýek finalynyň jogap oýunlary 16-nji we 17-nji aprelde geçiriler.

10. World Athletics Olimpiýa oýunlarynda ýeňişler üçin baýrak puluny tölejek ilkinji federasiýa bolar. 2024-nji ýylda Parižde altyn medal gazanan türgenler 50 000 dollar alarlar. 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlarynda ýeňijileriň hemmesine baýrak pullary tölener. World Athletics guramasynyň ýolbaşçysy Sebastýan Kou bu kararyň guramanyň türgenleriň hukuklaryny we mümkinçiliklerini artdyrmaga ymtylýandygyny görkezýändigini hem-de olaryň Olimpiýa oýunlarynda üstünlik gazanmakdaky möhüm ornuny ykrar edýändigini aýtdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň