Soňky habarlar

Arhiw

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Gazagystana sapar bilen barar

09:5811.04.2024
0
8498

Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow 18-19-njy aprelde resmi sapar bilen Gazagystana barar. Bu barada Gyrgyz lideriniň metbugat gullugyna salgylanýan «24kg» habar berdi diýip, «Daryo.uz» ýazýar.

Saparyň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Žaparow şeýle hem Gazagystanda Gyrgyz kinosynyň günleriniň açylyşyna we beýleki birnäçe çarelere gatnaşar.

Öň Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde oňa we Gyrgyzystanyň halkyna suw süýşgünleri bilen baglylykda, doganlyk kömegi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň