Gazagystanda ekologik jahankeşdelik okgunly ösýär. 2023-nji ýylda ýurduň milli seýigählerine 2,4 million adam baryp gördi diýip, Turizm we sport ministrligi habar berdi.
Häzir Gazagystanda gözel tebigat künjekleriniň 16-sy bolup, olaryň 7-si milli seýilgählerde ýerleşýär.
Jahankeşdelik pudagynyň ösmegine fermerlere öz ýerlerinde agrojahankeşdeligi ösdürmäge rugsat berilmegi hem oňyn täsir edýär. Bu çözgüt diňe bir oba ýerleriniň ösmegine ýardam bermän, 10 müňden gowrak oba ýaşaýjylarynyň iş bilen üpjünçiligine mümkinçilik berer. Bu barada «Daryo.uz» ýazýar.