Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň resmi däl sammiti öňdäki dekabr aýynyň ahyrynda bolar diýip, Arkalaşygyň Baş sekretary Sergeý Lebedew habar berdi. Bu barada «MIR 24» ýazýar.
GDA-nyň Baş sekretary şeýle hem Minsk şäherinde geçen Arkalaşygyň agza ýurtlarynyň hemişelik doly hukukly wekilleriniň Geňeşiniň ýygnagynyň jemlerine ýokary baha berdi. «Çykyşlaryň ählisinde Arkalaşygy berkitmek, kämilleşdirmek, hyzmatdaşlygymyzy giňetltmek barada täze pikirler, başlangyçlar öňe sürüldi. Öňde goýlan esasy maksat biziň özara hereketimiziň täsirliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy» diýip, Lebedew nygtady.