Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

BSGG: Ýewropada her gün ýürek-damar kesellerinden 10 müň adam heläk bolýar

08:0016.05.2024
0
6319

Ýürek-damar keselleri her ýyl Ýewropada ölümleriň 40 göterimine sebäp bolýar. Bu her günde on müň, ýylda dört million adam diýildigidir. Bu barada Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň çarşenbede ýaýradan nutugynda aýdylýar diýip, «MIR 24» ýazýar.

«Duzy sarp etmegi 25 göterim azaltmak boýunça maksatnamalaýyn syýasatyň durmuşa geçirilmegi 2030-njy ýyla çenli 900 müň adamyň ýürek-damar keselinden aradan çykmagynyň öňüni alyp biler» diýip, guramanyň Ýewropa bölüminiň direktory Hans Klýuge habar berdi. Onuň sözlerine görä, Ýewropada 30-79 ýaş aralygyndaky her üçünji uly ýaşly adam duzy gereginden artyk ulanmak sebäpli heläk bolýar.

Ýagny Ýewropanyň 53 ýurdunyň 51-sinde duzuň sarp edilişi BSGG tarapyndan kegitlenen bir gije-gündizde bäş gramlyk kadadan artykdyr.

«Duz köp sarp etmek gan basyşyny ýokarlandyrýar, bu bolsa öz gezeginde ýüreagyry we insult ýaly ýürek-damar kesellerine eltýän esasy sebäpdir» diýip, hünärmenler belleýärler.

BSGG-niň habaryna görä, Ýewropada erkekler zenanlara garanda, ýürek-damar kesellerinden köp aradan çykýarlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň